Dost göwni göwherdir

8 Dekabr 2021
1140

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, dostanalyk halkymyzyň asylly häsiýetleriň biridir. Dostlar dosty üçin mähribanlyk, hoşgylawlyk edip, birek-biregiň iň gowy häsiýetleriniň ösmegine mümkinçilik döredip bilýän adamlardyr.

Gowy dost gül mysalydyr, onuň hoşroýlygy göwnüňi açar, hoşboý ysy bolsa kalbyňa ýakym çaýýar. Dost bardyr, ojak ýalydyr, ýüregindäki alawlap duran ody bilen köňlüňi ýyladar. Başga bir dost edil berdaşly çynar mysalydyr. Hiç bir güýç ony asla ýerinden sogrup bilmez. Gowy dost derdiňe tenekardyr. Dostlugy saklamak ony gazanmakdan kyndyr. Dostuna hyýanat edene, oňa aýyp ýöňkäne, äsgermezlik edene hiç haçan bil baglap bolmaz.

Halmeňli KURBANOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar