YHG-da Türkmenistanyň başlyklygy: bilelikde geljegi gurmak üçin köpugurly tagallalar

8 Dekabr 2021
1224

1964-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe döwletleri, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy döretdiler. Munuň özi sebitleýin ykdysady birleşikleriň ýörgünli däldigi sebäpli, şol döwürlerde öňdengörüjilikli başlangyç boldy. Şol bir wagtda dünýäde ählumumy we sebitleýin garaýyşlaryň, olaryň umumy çözgütleriniň ýokdugyna garamazdan, Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk sebit derejesinde netijeli köptaraplaýyn çemeleşmelere çagyrdy hem-de merkezi utgaşdyryjy gurama hökmünde uly orun eýeledi. Umuman, bu düzümi döretmegiň maksady şol üç döwletiň taryhy taýdan ýakynlygyny we halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryny anyk kesgitlenen köptaraplaýyn meýdança öwürmekden ybarat bolupdy.

Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk 1979-njy ýyla çenli hereket edip, biraz wagtlyk arakesmeden soň, onuň işi 1985-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ady bilen gaýtadan dikeldildi. Soňra taryhy ösüşiň täze tapgyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, bu sebitiň ýurtlary we Owganystan hem guramanyň agzalygyna kabul edilip, 10 döwleti öz içine alan YHG-nyň düzümi has-da giňedi. Guramanyň söwda, aragatnaşyk, syýahatçylyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak bilen bagly umumy maksady öz garaşsyzlygyny saklamaga we ykdysady taýdan gülläp ösüşi gazanmaga çalyşýan agza döwletleriň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.

Rahim Haýat KUREŞI,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.
Beýleki habarlar