Bilelikdäki ösüşiň täze mümkinçilikleri

27 Noýabr 2021
1074

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda utgaşykly görnüşde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 4-nji işewürlik maslahaty 28-nji noýabrda guraljak YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň başyny başlady. Oňa bu abraýly halkara düzüme girýän 10 ýurduň ugurdaş döwlet we hususy düzümleriniň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşyp, YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ilerletmegiň derwaýys ugurlarydyr geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Biz maslahatyň çäklerinde nobatdaky foruma hormatly myhman hökmünde çagyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa AKLAKI bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar