Aşgabat — hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mekany

26 Noýabr 2021
943

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Munuň özi ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan we halkara hyzmatdaşlygynda işjeň syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn netijeleridir. 

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň syýasy, ykdysady esaslary hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli we ynsanperwer syýasatynyň özenini düzmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine netijeli täsir edýär. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup durýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar