Halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry

26 Noýabr 2021
991

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ÕÕ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň maksady keselleri bejermek we olaryň öňüni almak meselelerinde hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmekden, ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine, uzak möhletleýin geljekde howply ýokançlara garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn halkara gurallary döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar