Dostana gatnaşyklar rowaçlanýar

23 Noýabr 2021
1099

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, gümrük ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary giňeldýär we çuňlaşdyrýar. Döwlet gümrük gullugynda daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, gümrük işi çygryndaky degişli halkara guramalar bilen netijeli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak, şonuň ýaly-da milli derejede halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek meselesine uly üns berilýär. Döwletleriň gümrük gulluklarynyň özara hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, milli we halkara gümrük kanunlaryny sazlaşdyrmak we bir ülňä getirmek arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň tertibini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet gümrük gullugy tarapyndan köp sanly döwletler bilen gümrük işinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle ylalaşyklar sebitdäki ähli döwletler, şeýle-de Türkiýe Respublikasy, Gruziýa, Ermenistan Respublikasy, Ukraina, Belarus Respublikasy we başgalar bilen baglaşyldy.

Begnazar MÄTIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar