Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

22 Oktýabr 2021
1036

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy. Ykdysady forumyň maksady bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmekden, giňeltmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işleri, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar