Demokratik ýörelgelere daýanyp

20 Oktýabr 2021
1108

Düýn Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynda dostlukly goňşy döwletde şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky ilçihanalaryň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi. Habar berlişi ýaly, saýlawlara syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen 5 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň dalaşgärlik maksatnamalarynda ýurdy, özbek jemgyýetini geljekde-de ösdürmegiň möhüm ugurlary beýan edilýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar