Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

8 Oktýabr 2021
996

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Munuň özi ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, Diýarymyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendir.

Döwletimiz bilen netijeli we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda Russiýa Federasiýasy hem bar. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary bilen bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem okgunly ösüşe eýe boldy. Köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hökümetara toparlaryna möhüm orun degişlidir.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar