Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamy: hoşniýetli goňşuçylykdan ygtybarly hyzmatdaşlyga geçişiň belent nusgasy

8 Oktýabr 2021
1057

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir güzerden suw içýän, ýaşaýyş-durmuş terzi, däp-dessurlary birmeňzeş, gadymy akaba eýe türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk rişdeleri wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky öňe ilerlemeleri aýdyň duýulýar. Bu aýdanlarymyza hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Bu resmi sapar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Dünýä jemgyýetçiliginde bu ykdysady foruma döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde baha berildi.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar