Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň şuglasy

7 Oktýabr 2021
1266

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegi hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny hemişe ileri tutýar.

Gahryman Arkadagymyz aýdyň ýörelgelere daýanyp, goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ýörelgeleriniň esasynda baky Bitaraplygymyzyň binýat bolýandygyny paýhasly belleýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän parahatçylygy we ynanyşmagy dabaralandyrmak maksatly başlangyçlary, teklipleri hoşniýetli gatnaşyklara düýpli badalga berýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine mümkinçilik döredýär.

Laçyn GELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar