Dostluk daragtynyň miweleri

6 Oktýabr 2021
1089

Dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly we parahatçylyksöýüjilikli gatnaşyklary ileri tutýan abraýly döwletleriň hatarynda Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öňe saýlanýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde dünýä we sebit döwletleri bilen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar.

Ýurdumyzyň özara daşary söwda dolanyşygy boýunça, şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerine görä, Özbegistan Respublikasyna öňdäki orun degişli bolup, ol ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň giň gerimini tassyklaýar. Türkmenistandan goňşy ýurda nebit we nebit önümleri, mehaniki enjamlar, plastmassa we ondan ýasalýan önümler, himiýa, oba hojalyk harytlary we beýleki serişdeler eksport edilýär. Özbegistandan ýurdumyza oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk materiallary, himiýa we taýýar dokma önümleri import edilýär.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar