Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

15 Sentýabr 2021
1209

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine parahatçylykly ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň ilkinji şerti hökmünde garaýar. Bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

Ýurdumyz BMG-niň maslahatlarynda ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, bütin adamzat ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirmek maksady bilen, türkmen döwleti BMG-niň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulýar.

Muhammetmyrat TAŇRYGULYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar