Biziň ruhy dünýämiz

15 Sentýabr 2021
1314

Obalarda kitaphana hyzmaty

Biziň etrap merkezi kitaphanamyzyň Şapak, Merw, Ýalkym, Gatakar geňeşliklerinde oba kitaphana şahamçalary açylyp, işläp başlady. Bu bolsa oba ýaşaýjylarynyň boş wagtlaryny gyzykly kitaplar bilen geçirip, medeniýetli dynç almagynda, milli Liderimiziň ajaýyp eserlerini okap, dünýä akyl ýetirmeginde oňyn şertler döretdi. Kitaphana şahamçalary oba ýaşaýjylarynyň, dürli ýaşdaky okyjylaryň, esasan-da, mekdep okuwçylarynyň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu bolsa ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Kitaphana şahamçalarynda baýramçylyk senelerine bagyşlanyp, medeni-köpçülik çäreleri, ýaşulular bilen duşuşyklar, edebi-sazly agşamlar, okyjy konferensiýalary yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerine, täze gelýän neşirlere bagyşlanyp kitap sergileri gurnalýar. Kitaphana şahamçalarymyzyň her birinde dürli gurnaklar hem hereket edýär. Umuman, eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen kitaphana şahamçalarymyzda okamak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Döwrebap şertler ýurdumyzda kitaba goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar