Halkara gatnaşyklarda medeni diplomatiýa

15 Sentýabr 2021
1068

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren okuw sapagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň iň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda mähriban Watanymyzyň öwrenmäge we öwredilmäge mynasyp bolan şanly taryhynyň buýsandyryjy sahypalaryny giňden açdy we ýaşlara bu taryhy öz ajaýyp işleri bilen bezän ussatlarymyzyň, uly-uly döwletleri esaslandyran gahrymanlarymyzyň durmuş tejribelerini mynasyp dowam etmek, doglup, önüp-ösen topragymyzy sarpalamak, Garaşsyz döwletimiziň mukaddesliklerini — ýaşyl Tugumyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy gözüň göreji ýaly goramak babatynda pähim-paýhasa ýugrulan maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi.

Çynar RÜSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary.
Beýleki habarlar