Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde bellenilişi ýaly, bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe ugurlary öz içine alýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýäniň beýleki döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar, iri abraýly halkara guramalary hem-de olaryň düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna derwaýys başlangyçlary öňe sürýän Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.