Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

13 Sentýabr 2021
1042

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi.

Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar