Türkmenistan — Ýaponiýa: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

3 Sentýabr 2021
1203

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar