Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: netijeli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

30 Awgust 2021
997

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin jenap Şarl Mişele minnetdarlyk bildirdi. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki sebitara gatnaşyklaryň bu ugurda nusgalyk bolup, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasaty we howpsuzlygy babatda meseleler boýunça ýokary derejeli Dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligini nygtady. Milli Liderimiz jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar