Kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk has-da gi­ňel­di­ler

26 Awgust 2021
1018

24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.

Dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şu­ryp, türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de ro­waç­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ren BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­re­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan, dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga, döw­le­tiň de­mok­ra­tik we hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri do­ly gol­da­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz il­çi­ni Türk­me­nis­tan­da işe baş­la­ma­gy bi­len gut­lap, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Bu gu­ra­ma bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk he­mi­şe oňyn hä­si­ýe­te eýe­dir.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da yna­nyş­mak hem-de öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek ba­bat­da­ky iş­le­riň şu gün­ki ýag­da­ýy­na, esa­sy ugur­la­ry­na we gel­je­gi­ne de­giş­li giň ge­rim­li me­se­le­ler bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge hem-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len tä­ze, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­ga öza­ra gy­zyk­lan­ma­lar tas­syk­la­nyl­dy.
Söh­bet­deş­ler Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li­leş­di­ren il­kin­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, ola­ry mil­li me­ýil­na­ma­la­ra hem-de mak­sat­na­ma­la­ra gi­riz­me­giň üs­tün­de bi­le­lik­de iş­le­ri ge­çir­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da 2021-2025-nji ýyl­lar üçin dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň 2020-nji ýy­lyň mart aýyn­da gol çe­ki­len çar­çu­wa­ly Mak­sat­na­ma­sy ýa­kyn gel­jek üçin bi­le­lik­de iş­le­me­giň ýö­rel­ge­si­dir. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Dmit­riý Şla­pa­çen­ko dür­li ul­gam­lar­da ama­la aşy­ry­lan bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry my­sal ge­tir­mek ar­ka­ly Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da soň­ky wagt­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň bar­ha ýo­kar­la­nan dep­gi­ni­ni bel­läp, döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän iş­jeň or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Hä­zir Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösü­şe, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na oňyn go­şant goş­ýar hem-de ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da we beý­le­ki ugur­lar­da dö­wür üçin örän wa­jyp baş­lan­gyç­la­ryň en­çe­me­si­ni öňe sür­ýär, şo­lar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň bir­nä­çe Ka­rar­na­ma­la­ryn­da be­ýa­ny­ny tap­dy.
Soň­ky res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da şu ýyl ka­bul edi­len «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» hem-de «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma­lar bar.

Beýleki habarlar