Dost-doganlyk mizemezdir, bakydyr!

26 Awgust 2021
1425

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen tanalmaz derejede özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pederlerimiziň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen dana sözi ýene bir gezek dabaralandy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň nurly tomsunda gojaman Hazaryň arassa hem asuda türkmen kenarynda doganlyk döwletlerden gelen ýokary derejeli myhmanlar, wekiliýetler we dürli pudaklardan bolan wekiller garşy alyndy. 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagynda halkara forumdyr dürli ugurly çäreleriň birnäçesi geçirilip, sebitde köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, oňa çalt depginlerde ilerleýän, strategik kuwwaty bermek babatda oňyn netijeler gazanyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti — bular sebit ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlary boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanyp, parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda üstünlikli ädimler boldy. Merkezi Aziýa sammitiniň şu gezek birnäçe halkara çäreleri bilen baýlaşdyrylmagy tüýs ýerine düşen başlangyç boldy. Olar, bir tarapdan, sebitiň halkarynyň dost-doganlyk kökleriniň näderejede berkdigini açyp görkezse, ikinji tarapdan, geljegiň aýdyň maksatly, özara bähbitli täzeçe hyzmatdaşlyklaryna giň ýol açdy.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».
Beýleki habarlar