Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

19 Awgust 2021
1316

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly  utgaşdyrylýar.  Munuň şeýledigi, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegi we rejelenmegi hem-de käbir kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

 Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlar  we kadalaşdyryjy  hukuk namalar biragyzdan makullanyldy. Şol kanunlaryň hatarynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem bar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda salgyt ulgamyny kämilleşdirilip, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de güwälendirmegiň tertibi ýönekeýleşdirilýär. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işleri ýola goýulýar. Şol nukdaýnazardan ýurdumyzda kabul edilýän täze kanunlar bazar ykdysady şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk  binýadyny,  ony amala aşyrmak işinde  ýüze çykýan gatnaşyklary  düzgünleşdirýän  kanun möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Dünýägözel GULMANOWA,
Türkmenistanyň Mili Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar