Durnukly ösüşiň netijeli ugry

19 Awgust 2021
1705

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamynyň hem ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň öňünde durýan wezipelere yzygiderli ünsi çekýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň: «Medeniýet ulgamynyň wezipesi jemgyýetiň ruhy we döredijilik baýlygyny artdyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtamagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy. Şonda medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar