Baýramçylyk çäresi geçirildi

26 Aprel 2021
852

Ýakynda «Ýolötenbent» suw desgasynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaplary esasynda çykyşlar guraldy. Çärede hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň sergisine giň orun berildi. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çärä gatnaşanlar mähriban halkymyzyň asuda, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.