Halkara hyzmatdaşlyklar — dostlukly gatnaşyklar

16 Awgust 2021
1187

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegi, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, gumanitar hem-de medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy öňde goýlan esasy wezipelerdir. Şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň bir mysalyny biz şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda görýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Hazaryň türkmen kenarynda geçen bu taryhy ähmiýetli duşuşykda sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolan ulag ulgamyny ösdürmek meselesine garalmagy Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň dörejekdigine ynamy has-da berkitdi. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa sebitiniň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmakda, sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda, pandemiýa garşy göreşmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagy, sebitiň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak babatda öňe süren başlangyçlary doganlyk döwletler tarapyndan uly goldaw tapdy.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».
Beýleki habarlar