Awaza duşuşygy: sebiti ösdürmegiň täze ugurlary, mümkinçilikleri, şertleri

12 Awgust 2021
924

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi pugtalandyrmakda, taryhy, dini, medeni umumylygy bolan halklaryň asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde, sebitiçi, sebitara we yklymara hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze syýasy esaslary, ykdysady islegleri, medeni mümkinçilikleri emele getirdi. Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy bäş döwletiň — Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň köptaraply, özara bähbitli, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, galyberse-de geografik ýerleşişi hem-de tebigy gorlary babatdan alanyňda dünýä döwletleri bilen maýa goýum, söwda dolanyşygy, senagatlaşmagyň, şonuň ýaly-da logistik hereketleriňdir hyzmatlaryň täze görnüşlerinidir ugurlaryny döretmäge bolan islegleri olaryň garaýyşlarynyň umumydygyny ýa-da biri-birine golaýdygyny görkezýär. Munuň özeninde uzak asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan, geçmişi bir köke daýanyp, ýagty geljek baradaky umyt-arzuwlary bir akabada birleşýän halklarymyzyň birek-birege bolan dostanalygy, ynamy, ygrarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň gürrüňi edilýän konsultatiw duşuşykda eden çykyşynda: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýen sözleri aýratyn ünsümizi çekdi. Çünki ol, ilkinji nobatda, sebitiň parahatçylygyny üýtgewsiz berkitmäge çagyryş bolup ýaňlandy. Şonuň ýaly-da, bu sözler halkara guramalarda, yklymara taslamalarda we başlangyçlarda özara syýasy daýanyşmanyň güýjüne bolan ynamdy. Bu sözler döwleti ösdürmek, ýurduň asudalygyny goramak, ykdysady kuwwaty berkitmek, barha umumylaşýan dünýä goşulyşmak üçin tutuş sebitiň ösüşini gazanmagyň zeruryýet bolup durýandygyny, bir maksat — halklaryň ýagty geljegi, ekologiýanyň abadançylygy, döwletlerimiziň parahatçylygy üçin jebisleşmegiň möhümdigini ýene bir ýola aýan edýär. Munuň üçin bolsa «Bäş döwlet, bäş millet — bir sebit, bir maşgala» garaýşyndan ugur almalydygy baradaky pikir milli Liderimiziň konsultatiw duşuşykda eden çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar