Zemine parahatçylyk eçilýän başlangyçlar

12 Awgust 2021
1059

Hazaryň dost-doganlyk kenarynda wysal tapýar

Hazar hakynda täzelik aýdaýmag-a kyn aslynda, çünki onuň taryhy, şu günki mümkinçilikleridir geljegi baradaky pikir-garaýyşlar indi birnäçe ýyldan bäri türkmen metbugatynda jikme-jik beýanyny tapyp gelýär. Bu gün ylmy jemgyýetçilikde hazarşynaslaryň täze nesilleri kemala gelen bolsa, dünýä syýasatynda «dostlugyň, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň deňzi» diýip häsiýetlendirilýän Hazar bilen bagly özboluşly ugur döredi. Ol hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen diplomatiýasynyň hem ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazar boýunça Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarydyr öňe sürýän teklipleri bolsa kenarýaka döwletleriň ählisiniň ýagty geljegini, doganlyk halklaryň bähbitlerini birleşdirmegi nazarlaýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar