Röwşen geljegiň hatyrasyna

12 Awgust 2021
987

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda dost-doganlyk hem hyzmatdaşlyk deňzi bolan gojaman Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçen möhüm ähmiýetli waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy taryha altyn sahypalary ýazdy. Sebit ýurtlarynyň gülläp ösüşini, doganlyk halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny nazarlaýan derwaýys meseleleriň birbada altysyny öz içine alan bu duşuşyk bir maksada gulluk edip, biri-birege ynanyşmak arkaly bilelikde alnyp barylýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleriň oňyn netijelere, belent sepgitlere eltýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur.

Ilki bilen, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem-de onuň çäklerinde geçirilen halkara forumlarda sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna aýratyn ähmiýet berlendigini bellemeli. Bu babatda hormatly Prezidentimiz duşuşykda eden taryhy çykyşynda: «Häzir möhüm wezipe biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmekden, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdan, ony giňeltmekden we hil taýdan täzelemekden ybaratdyr» diýip belledi hem-de Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Şeýle-de duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada taraplaryň söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika hem-de innowasion ugurlarda özara hyzmatdaşlygyna belli bir maksada gönükdirilen we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň bäştaraplaýyn geňeşini döretmegiň zerurdygy barada aýdylýar. Munuň özi geljekde özara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmeginde we giňeldilmeginde örän ähmiýetlidir.

Ogulsoltan IŞIMOWA,
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar