Hazar deňzi: köpugurly hyzmatdaşlyk we giň gerimli mümkinçilikler

11 Awgust 2021
1213

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda hem Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden gözbaş alýar. Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy syýasatynyň özeninde Merkezi Aziýa we Hazar sebiti yklymyndaky strategik durnuklylygyň ygtybarly merkezine, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzakmöhletleýin hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge saldamly goşant goşmak maksady durýar. Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugur boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýaka halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar. Hazar deňzi sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň sebitde alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bularyň ählisi milli Liderimiziň syýahatçylygy hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Hazar deňzinde syýahatçylygy ösdürmek döwrüň esasy meseleleriniň biridir.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar