Hyzmatdaşlygyň we berekediň kenary

10 Awgust 2021
1224

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň adadan durmuşyny üpjün etmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Adamlaryň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da, Hazaryň güneşli kenarynda belent tutumlara beslenip geçirilýän döwletli maslahatlar sebitde we dünýäde energetika, logistika ulgamlaryny ösdürmekde, söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orna eýedir.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda-da Hazaryň ajaýyp kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we beýleki möhüm çäreleriň bilelikde geçirilmegi hem uly waka öwrüldi. Hawa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm syýasy-ykdysady forumlary geçirmek, mynasyp dynç alşy guramak üçin ajaýyp künjekdir.

Mollaata JANMÄMMEDOW,
Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar