Türkmenistan — Täjigistan: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

6 Awgust 2021
1023

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýä döwletleri bilen özara dostlukly gatnaşyklary giňden ýola goýýar. Birek-birege ynanyşmaga, dost-doganlyga eýerip ýola goýulýan gatnaşyklaram öz gezeginde ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Muny 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikler aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi. Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-täjik gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

"Nesil".
Beýleki habarlar