Türkmenistan — Türkiýe: döwletara hyzmatdaşlyklar kämilleşdirilýär

6 Awgust 2021
936

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşler iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi baş ugur edinýändiklerine hem-de şeýle hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertleriň döredilýändigine ynam bildirip, taraplaryň iň gowy hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hem-de iki halkyň bähbitleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meselesi boldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar