Hazar deňziniň türkmen kenary: dostlugyň dabaralanýan mekany

6 Awgust 2021
1091

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň gatnaşmagyndaky köpugurly halkara çäreler dost-doganlygy berkitmekde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda örän ähmiýetli boldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti — bularyň ählisi sebit ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlarynda özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň dabaralanmagynda aýgytly we şowly ädim boldy.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».
Beýleki habarlar