Döwrebap önümçilikleriň täze ugurlary

6 Awgust 2021
918

Awazanyň gözel kenary bu gün ýene-de arzyly myhmanlary garşylady. Şu gün bu kenarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alýan, köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli möhüm waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we şonuň bilen utgaşyklylykda beýleki möhüm çäreler geçirilýär.

Gojaman Hazaryň türkmen kenary Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejedäki çäreleriň — duşuşyklaryň, forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň ýene-de toý lybasyna beslenmegi bize ol ýerde mundan göni iki ýyl öň, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny, has anygy bolsa, forumyň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini ýatlatdy. Şypaly hem sapaly kenarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän taryhy duşuşygyň çäklerinde hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi guralýar. Sergi doganlyk halklaryň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikdir. Diňe bir tanyşmak däl, munda köp sanly geleşikler, türkmen önümleriniň daşarky bazara çykarylmagyna, täze hyzmatdaşlyklaryň döremegine hem ýol açylar. Aslynda, biz birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen halkara sergini ýatlap, bir hakykata ünsüňizi çekmek isledik. Şol döwürdäki metbugat habarynda serginiň işiniň barşynda birža söwdalary geçirilip, olarda ýurdumyzda öndürilen önümleri satyn almak babatda daşary ýurt kompaniýalarynyň geleşikleriniň bahasynyň bir söwda gününiň ähli görkezijilerinden ýokary, has anygy, ABŞ-nyň 380 million 179 müň dollaryndan-da gowrak bolandygy barada aýdyldy. Diýmek, halkara derejede geçirilýän sergiler önümçiligiň giň gerimini şöhlelendirmek, şanly Garaşsyzlygyň eşretlerini, mümkinçiliklerini, mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak ugrunda edýän tagallalarynyň ajaýyp miwelerini beýan etmek bilen birlikde, täze hyzmatdaşlyklara ýol açmak, ýurdumyza daşary ýurt maýasyny çekmek, türkmen önümleriniň daşarky bazarlardaky ornuny giňeltmek ýaly meseleleriň hem oňyn çözgüdidir. Ýeri gelende, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen halkara sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 40-a golaýynyň gatnaşyp, täze taslamalar, innowasion ösüşler, öňdebaryjy tehnologiýalar, oňyn teklipler esasynda ýola goýan işleri bilen tanyşdyrandygyny, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümlerini görkezendigini aýtmak gerek.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar