Merkezi Aziýa: Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň möhüm ugry

30 Iýul 2021
1059

Bu günki gün baky Bitarap Türkmenistan işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, dünýä geosyýasatynda möhüm orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde durnuklylygy berkitmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz agzalan sebitlere Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň berk bölegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garaýar. Öz nobatynda bu garaýyş Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny düzýär. Şu jähetden, Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy ösüşi üpjün etmek babatda milli Liderimiz oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär we bu meselelere aýratyn üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň 17-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmegi doly güwä geçýär.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýada ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşi gazanmak, sebitiň döwletleri we goňşy ýurtlar bilen köptaraply ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasy wezipeleriniň biridir. Degişli ugurda sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlykda özara düşünişmek we ynanyşmak düşünjelerine uly orun berilýär. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Bu, bir tarapdan, ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, çäge maýa goýumlaryň giňden çekilmegine, beýleki tarapdan bolsa, sebitde abadançylygyň berkarar edilmegine mümkinçilik berýär. Munuň özi Türkmenistanyň sebit syýasatynyň düýp magadyna doly göz ýetirmäge ýardam edýär, hakykatdan-da, onuň umumydünýä ösüşini gazanmak üçin gönükdirilendiginiň we möhüm şertdiginiň subutnamasydyr.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
«Nesil» gazetiniň ykdysady synçysy.
Beýleki habarlar