Hoşniýetli goňşuçylygyň, sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesi

30 Iýul 2021
1218

Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da, millionlarça ýürekleri ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň-da mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň ykbalynda, sebit hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, täze mümkinçilikleri açjak sammit boljakdygy ikuçsuzdyr.

Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýän Merkezi Aziýa sebiti uzak geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetiňdir diniň, özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýan çelgi bolup, hut şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda-da ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar edilmegini şertlendirýär. Şoňa görä-de, käbir taryhçylardyr syýasatşynaslar bu sebit bilen bagly gürrüň edenlerinde, oňa «hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungaty» hökmünde baha berýärler.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar