Hoşniýetli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

29 Iýul 2021
1071

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň hem-de BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Öz ýurdunyň netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ilçi Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar