Ilçi işe başlady

28 Iýul 2021
857

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Beýleki habarlar