Türkmenistan – HHR: uzakmöhletli strategik hyzmatdaşlyk

15 Iýul 2021
1140

Türkmenistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Hormatly Prezidentimiz HHR-iň daşary işler ministri Wan Ini mähirli kabul edip, bu sapara Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi. Biz hytaýly dostlarymyzyň gazanan üstünliklerine begenýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň uzakmöhletli strategik hyzmatdaş bilen köpugurly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Hytaý bilen hyzmatdaşlyk diňe bir iki doganlyk ýurduň halklarynyň bähbitlerine kybap gelmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şertidir.

Döwlet Baştutanymyz we myhman taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň özara bähbide kybap gelýän gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.

Beýleki habarlar