Möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk

7 Iýul 2021
992

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Beýleki habarlar