Sport — sagdynlygyň gözbaşy

7 Iýul 2021
1021

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerinde eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän sepgitleriň özi bagtlylykdan nyşan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Milli Liderimiziň başda durmagynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir.

Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy bize görelde mekdebi bolup durýar. Sebäbi sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerine, bedenleriniň berkemegine ýardam edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketleriniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Şerip ATAÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar