Ýaş futbolçylaryň erjelligi

5 Iýul 2021
926

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Tagtabazar etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabyň sport mekdeplerinde hem ýokanç kesellere garşy tälimçilerdir türgenleriň saglygy ugrunda derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Erjel, okuwçy türgenleriň gündelik türgenleşik geçýän ýerlerinde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bölümde türgenler bilen türgenleşik işleri sagdyn durmuş ýörelgesi bilen baglanyşdyryp alyp barylýar.

Sportuň futbol görnüşi boýunça etrabyň Sandykgaçy geňeşliginde tälimçi Amandurdy Garlyýewiň ýetginjek futbolçylar bilen alyp barýan işleri bellemäge mynasypdyr. Tejribeli tälimçi 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň 41-sine üç toparda türgenleşik geçýär. 2009-njy ýylda doglan futbolçy türgenler 2019-njy ýylyň fewralynda welaýatyň birinjiligini almak boýunça sport mekdepleriniň ýetginjek futbol toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda 3-nji orna mynasyp bolupdyrlar. Ýetginjek futbolçylar tälimçiniň göreldesine eýerip, türgenleşiklere buýsanç bilen gatnaşýarlar. Olar ussat futbolçy bolmagyň arzuwy bilen türgenleşige höwesli gatnaşýarlar.

Beýleki habarlar