Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Iýun 2021
1009

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Beýleki habarlar