Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklary dabaralanýar

28 Iýun 2021
940

Öz daşary syýasy strategiýasyny ilkibaşdan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde guramak bilen, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyk, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Şunda alysdaky we goňşy döwletler, şol sanda Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny dostlukly Gyrgyz halky bilen köpasyrlyk dostluk däpleri we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär.

Asyrlaryň synagyndan geçen dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm binýat bolup durýar. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýaňy-ýakynda Türkmenistana bolan resmi sapary hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar