Medeni hyzmatdaşlyk

27 Iýun 2021
1019

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna gyşarnyksyz eýermegi netijesinde, bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu gün ýurdumyz dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigi hemmämizi buýsanja besleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümleriniň agzasy bolup durýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan 2022—2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesi boýunça düzümiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygy hem subut edýär. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021—2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda müňýyllyklaryň içinden geçip, kämilleşip gelen medeni mirasymyz goralyp saklanylýar, öwrenilýär we hiç haçan könelmejek hem-de bahasyny ölçäp bolmajak gymmatlyk hökmünde halk arasynda wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsanperwer medeni ulgamda uly üstünlikler, öňegidişlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy dünýä mirasynyň hazynasyny baýlaşdyrýan gymmatlyklary öz içine alýar. Milli ruha hem-de çuňňur paýhasa ýugrulan şol mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz halkymyzyň kuwwatly ruhy binýadyny emele getirýär.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar