Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryndaky dostluk köprüsi

25 Iýun 2021
1110

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar