Halkara hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýady

10 Iýun 2021
1036

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýady günsaýyn kämilleşýär we döwrebaplaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň kämil demokratik başlangyçlary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi netijesinde milli kanunçylygymyzda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, olara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2021-nji ýylyň 22-nji maýynda geçirilen mejlisinde birnäçe kanunlar hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada taýýarlanan kanunlaryň taslamasy kabul edilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna hödürlenildi.

Magtym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar