Köpugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

9 Iýun 2021
1149

Hormatly Prezidentimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

8-nji iýunda milli Liderimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon Mak Gregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon Mak Gregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän, sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar