Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

6 Iýun 2021
948

Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen, ýurdumyz bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Döwletimiz bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn häsiýeti, ýurduň içeri we daşary syýasy ugurlarynyň derwaýys wezipeleriniň özara şertlendirilmegi, halkara durmuşynyň meselelerine ählumumy bähbitler nukdaýnazaryndan baha berilmegi dünýä syýasy giňişliginde ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň işjeň hereketlerini kesgitleýän möhüm esaslaryny düzýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar