Bütin dünýäniň welosiped sürýän güni

3 Iýun 2021
1184

2018-nji ýyldan ozal 3-nji iýun ABŞ-nyň Konfederasiýasynyň ýatlama güni, Çernogoriýanyň Garaşsyzlyk güni, Londonda dünýäde ilkinji atçylyk toplumynyň açylan güni (1837-nji ýyl), Hytaý bilen Russiýanyň arasynda demir ýol çekmek baradaky Ylalaşyga gol çekilen gün (1896-njy ýyl), dünýä meşhur şahsyýetleriň ýüzlerçesiniň doglan güni hökmünde taryha giren bolsa, şol ýyl bu sanawa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni hem goşuldy. Özi hem bu başlangyjyň biziň döwletimiz — Türkmenistan tarapyndan öňe sürlendigi guwandyryjydyr.

Tutuş dünýäni ekologik abadançylyga we sagdyn ýaşaýşa çagyrýan bu baýramçylyk şu ýyl Ýer ýüzünde dördünji gezek bellenilýär.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar